Wladimir Putin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Wladimir Putin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

опубликованно 08.04.2017 // 848 - просмотров
 

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlady. Gutlagda şeýle diýilýär:

“Şu geçen döwürde rus-türkmen hyzmatdaşlygy strategik gatnaşyklaryň derejesine çykdy. Dürli derejelerdäki işjeň syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy. Söwda-ykdysady, energetika, ylmy-tehniki, ynsanperwerlik we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýe boldy. Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky işjeň gatnaşyklar Merkezi Aziýada we Hazar basseýninde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň möhüm şerti bolup durýar”.

Wladimir Putin bilelikdäki tagallalar netijesinde mundan beýläk-de Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň bähbidine özara peýdaly gatnaşyklaryň işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew hem Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyza gutlag hatyny iberdi. Onda şeýle diýilýär:

“Biziň ýurtlarymyzy döwrüň synagyndan geçen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Söwda-ykdysady, maýa goýum, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk sazlaşykly ösdürilýär. Energetika, senagat, ulag düzümlerinde, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda iri bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär.

Sebitara ulgam boýunça netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar. Işewür toparlaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklar giňeldilýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topary bu işleri utgaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär”.

Dmitriý Medwedeýew ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynyň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly goşandyny aýratyn belledi hem-de özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň uzak möhletleýin bähbitlerine doly laýyk gelýändigine ynanýandygyny beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter