Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Owganystan we Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Owganystan we Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

опубликованно 08.04.2017 // 906 - просмотров
 

OYR-nyň Prezidentiniň gutlagynda “Owganystanyň we Türkmenistanyň sebitleýin ykdysady meýilnamalary bir-birine gabat gelýär. Bu bolsa iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýär. TOPH ýaly iri taslama we Atamyrat-Akina demir ýoly iki dostlukly ýurtlaryň ýygjam hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňize we Siziň ýolbaşçylygyňyzdaky türkmen tarapynyň jogapkär adamlaryna edýän yzygiderli tagallalaryňyz üçin hoşallyk bildirýärin” diýlip aýdylýar.

Prezident Mohammad Aşraf GaniTürkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdüpmek maksady bilen gepleşikleri we maslahatlary geçirmäge owgan tarapynyň doly taýýardygyny tassyklady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter