Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 45 million 295 müň dollaryna deň boldy | TDH
Ykdysadyýet

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 45 million 295 müň dollaryna deň boldy

опубликованно 08.04.2017 // 1389 - просмотров
 

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan gelen telekeçilerTürkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň täjirleri göni arassalanan benzini, awtobenzini, dizel ýangyjyny (SNGIZ) satyn aldylar.

Tehniki ýod (“Türkmenhimiýa” DK) BAE-den gelen işewür toparyň wekilleriniň söwdasy boldy. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna portlandsement, nebit soryjy enjam, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Türkiýe, Belarus, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 45 million 295 müň dollaryna golaýboldy.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler jemi bahasy384 müň manatlyk gurluşyk enjamlaryny we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter