Awazada Buzly köşgüň açylyşynda figuraçy typyjylar çykyş etdiler | TDH
Sport

Awazada Buzly köşgüň açylyşynda figuraçy typyjylar çykyş etdiler

опубликованно 07.04.2017 // 957 - просмотров
 

Awazada Buzly köşk iri sport toplumynyň ulanmaga berilmeginiň çäklerinde açyldy. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Buzly meýdançada Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň türgenleriniň ýerine ýetirmeginde ajaýyp şüweleň ýaýbaňlandyryldy. Ýaş figuraçylar çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirip, figuralaýyn typmagyň dürli görnüşlerini görkezdiler. Açylyş dabarasyna gatnaşýan Russiýanyň figuralaýyn typmakda ussady we tälimçisi, jemgyýetçilik we döwlet işgäri Irina Rodnina Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sportuň gyşky görnüşleriniň ösdürilmegine, ýokary derejeli buzly meýdançalarayň gurulmagyna uly üns berilmeginiň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Sportuň gyşky görnüşleri – hokkeý we figuralaýyn typmak üçin niýetlenilen iki gatly binanyň umumy meýdany 14,4 müň inedördül metrden gowrak bolup, onuň beýikligi 20 metre golaýdyr. Binanyň birinji gatynda ini 30, uzynlygy 60 metr bolan umumy standarta laýyk gelýän buzly meýdança ýerleşýär. Onuň töwereginde 2 müň 944 tomaşaçy orunlyk münberler bar. Onda Finlýandiýanyň “Raita Sport” we “Kerko”, şeýle hem ABŞ-nyň “Zamboni” ýaly belli kompaniýalarynyň tehnikalary, enjamlary, sport serişdeleri oturdyldy. Şeýle enjamlar hokkeý boýunça dünýä çempionaty, Gyşky olimpiada we Aziýa oýunlary geçirilýän desgalarda oturdylýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter