Türkmenistanyň Prezidenti: Aziada-2017 türkmen sportunyň ösüş taryhynda hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti: Aziada-2017 türkmen sportunyň ösüş taryhynda hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrar

опубликованно 07.04.2017 // 1250 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongresde Türkmenstanda 2017-nji ýylda bu ugurda iň iri hem-de wekilçilikli sport çäresiniň - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýularynyň geçirilmegi türkmen sportunyň ösüş taryhynda hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrar diýip nygtady.

Şonuň bilen birlikde ýurdumyzy yklymda halkara spot hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjylarynyň birine öwürmäge, biziň daşary syýasatymyzyň möhüm bölegi hökmünde dünýä olimpiýa hereketiniň ulgamyna doly we netijeli goşulyşmaga gönükdirilen Türkmenstanyň sport diplomatiýasyny netijeli durmuşa geçirmäge täze mümkinçilikler açylýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu işleriň çäklerinde Türkmenstan BMG-niň Sport ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine Halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara topary, Bütindünýä saglyk guramasy, halkara hökümete degişli bolmadyk guramalar, ilkinji nobatda, Halkara olimpiýa komiteti we Aziýa Olimpiýa geňeşi, şeýle hem sportuň görnüşleri boýunça halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldiljekdigine ynam bildirdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter