Türkmenistanyň Prezidenti: jynsparazlyga, milleti boýunça kemsidilmeleriň dürli görnüşine, ekstremizme garşy hereket sport hereketiniň taglymynda mäkäm orun aldy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti: jynsparazlyga, milleti boýunça kemsidilmeleriň dürli görnüşine, ekstremizme garşy hereket sport hereketiniň taglymynda mäkäm orun aldy

опубликованно 07.04.2017 // 933 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada sport kongresinde çykyş edip, häzirki wagtda jynsparazlyga, milleti boýunça kemsidilmeleriň dürli görnüşine, ekstremizme garşy hereket dünýä sport şygarlarynyň birine öwrülendigini, onuň halkara sport hereketiniň taglymynda mäkäm orun alandygyny belledi.

Türkmenistanda şeýle düşünjeler çagalykdan, mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde, goşun bölümlerinde terbiýelenilýär, onuň netijesi myhmansöýerlikde we biziň watandaşlarymyzyň daşary ýurtlarynyň wekillerine olaryň milletine hem-de haýsy dine uýýandygyna garamazdan, hoşniýetli gatnaşyklarynda ýüze çykýar. Biziň ýurdumyz halkara sport hereketiniň belent ynsanperwerlik taglymlaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär.

Sport halkara hyzmatdaşlygynyň örän möhüm bölegi boup, özara ynam, hormat goýmak we özara düşünişmek ýagdaýyny kemala getirmäge uly goşant goşýar diýip, türkmen Lideri nygtady.

Türgenler – parahatçylygyň ilçileridir, olar öz ussatlygy we erki bilen adalatly bäsleşikde olimpiýanyň belent taglymlaryny ösdurýärler, ýaşlar üçin görelde bolýarlar, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýola goýulmagyna, işjeň durmuş garaýyşlaryň kemala gelmegine ýardam berýärler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter