Awazada “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongres açyldy | TDH
Syýasat habarlary

Awazada “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongres açyldy

опубликованно 07.04.2017 // 1125 - просмотров
 

Awazada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongres işläp başlady.

Çäräni guraýjylar - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Daşary işler ministrligi.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň wekillerini, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň, halkara sport federasiýalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylaryny, hormatly myhmanlary bir ýere jemlän wekilçilikli forum Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyldy.

Kongresde Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň ýurdumyzyň sport ulgamy we döwletara gatnaşyklary üçin, durmuş we ykdysady pudaklaryň toplumyndan sebit dünýä möçberinde Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik strategiýasynyň ýerine ýetirilişine çenli ähmiýetine garalar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter