Şeýle hem okaň
07.12.2019 | Birža täzelikleri
05.12.2019 | Döwrebap ýyladyşhana açyldy
28.11.2019 | Türkmenistan Ýewraziýanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk merkezine öwrülýär
23.11.2019 | Birža täzelikleri
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasyny" ýerine ýetirmegiň çäklerinde 2017-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 484,1 million manatlyk maýa goýumlary özleşdirildi.
Hasabat döwründe şu maksatnamanyň çäklerinde 1 sany saglyk öýi, 281,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary, 150 kilometr inženerçilik ulgamlary we desgalary, 897,3 kilometr aragatnaşyk ulgamy guruldy. 64 sany durmuş we medeni maksatly binanyň, 30 sany suw arassalaýjy desganyň, şeýle hem 2150,8 kilometrlik inženerçilik ulgamlarynyň, 491,7 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär.
Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün