Suwy peýdalanmak işine öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de tejribe ornaşdyrylýar | TDH
Ykdysadyýet

Suwy peýdalanmak işine öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de tejribe ornaşdyrylýar

опубликованно 07.07.2015 // 863 - просмотров
 

Aşgabat, 7-nji iýul /TDH/. Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça türkmen-koreý maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligi tarapyndan Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy bilen bilelikde guraldy. Maslahatyň esasy maksady tejribe alyşmakdan hem-de täze tehnologiýalar esasynda taslamalar we hyzmatlar bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Işewür duşuşyga gatnaşmak üçin paýtagtymyza Koreýanyň döwlet kompaniýasynyň - suw serişdelerini dolandyrmak babatda dünýäniň öňdebaryjy “K-water” kompaniýasynyň, “Hyundai Engineering”, “Doosan Heavy Industry”, Koreýanyň “KECC” inženerçilik-konsalting korporasiýasynyň, şeýle hem Koreýanyň atom energetikasy boýunça ylmy-barlag institutynyň wekilleri geldiler.

Türkmen tarapyna ýurdumyzyň Suw, Oba we Jemagat hojalygy, Tebigaty goramak ministrlikleriniň we edaralarynyň esasy hünärmenleri we bilermenleri, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri wekilçilik etdiler.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi jenap Jong Te-in maslahata gatnaşyjylara gutlag sözünde özara bähbitli hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin şu günki duşuşygyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi. Bu hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasyna bolan saparynyň barşynda uly itergä eýe boldy. Şonda döwlet Baştutanymyz “Suw biziň geljegimiz üçin” diýen şygar astynda Tegu şäherinde geçirilen 7-nji Bütindünýä suw maslahatynyň işine gatnaşdy.

Ilçi türkmen Lideriniň şol maslahatda “suw diplomatiýasyny” ilerletmek boýunça beýan eden başlangyçlarynyň ähmiýetiniň örän uludygyny belläp, suwy rejeli peýdalanmak wezipelerini çözmekde baý tejribesi bolan Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň bilelikdäki tagallalary bilen sebitde suw serişdelerini döretmek we dikeltmek, dolandyrmagyň birleşen ulgamyny döretmek arkaly olary oýlanyşykly sarp etmek wezipelerini çözmäge uly goşant goşup biljekdigine ynam bildirdi.

Koreý tarapy Türkmenistanda suw serişdeleriniň ýagdaýy, olary aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak meselelerinde kanunçylyk-hukuk binýady, şeýle hem suw hojalyk ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli maýa goýum taslamalary, şol sanda täze suw howdanlaryny, gidrotehniki we melioratiw desgalaryny gurmagyň taslamalary bilen tanyşdyryldy.

Döwrebap “ýaşyl” we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlary işjeň ornaşdyrmak, tebigaty goramak işlerini amala aşyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş meýilnamasyna” laýyklykda, suw arassalaýjy zawodlar, suwy süýjediji desgalar bina edilýär, bar bolan suw arassalaýjy desgalaryň we suw geçiriji ulgamlaryň durky täzelenilýär.

Garagumyň jümmüşinde “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmagyň maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň suw serişdelerini aýawly saklamagyň ählumumy meselelerini çözmäge goşýan uly goşandynyň aýdyň mysalydyr.

Koreý kompaniýalary öz nobatynda degişli ugurda gazanylan täze üstünlikler—suw üpjünçiligini dolandyrmagyň, suwy arassalamagyň we süýjetmegiň, onuň hiline gözegçilik etmegiň öňdebaryjy birleşen ulgamyny döretmegiň, şeýle hem Smart-AES /energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri/ ulgamyny ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Ýurtda öňdebaryjy “K-water” kompaniýasy – türkmen kärdeşlerini derýalary dikeltmegiň, şol sanda dürli maksatly bentleri hem-de gidroenergetikanyň beýleki desgalaryny gurmagyň, suw joşmalaryndan we gurakçylykdan gorag ulgamyny döretmegiň, ýerli ykdysadyýeti ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Iri taslamalary işläp taýýarlaýan “Hyundai Engineering”, “Doosan Heavy Industry” hem-de “KECC” kompaniýalary hili pes suwlary içimlik derejesine çenli gaýtadan işlemek we arassalamak, durnukly suw üpjünçiligi hem-de senagatda ulanylan suwlary gaýtadan peýdalanmak /”HANT”-tehnologiýasy/ babatda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar.

Duşuşygyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu günki çäräniň geçirilmegine beren ünsi hem-de goldawy üçin hoşallyk sözlerini beýan edip, milli Liderimize dünýäde parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter