Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň ýolbaşçylaryna Sankt-Peterburg şäheriniň metrosynda bolan partlama zerarly gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň ýolbaşçylaryna Sankt-Peterburg şäheriniň metrosynda bolan partlama zerarly gynanç bildirdi

опубликованно 03.04.2017 // 788 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe Sankt-Peterburg şäheriniň metrosynyň “Sennaýa ploşad” we “Tehnologiýa instituty” stansiýalarynyň aralygynda bolup geçen we köpsanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren partlama zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter