Janly tebigatyň milli muzeýinde üç sany ýolbars çagajygy dünýä indi | TDH
Jemgyýet

Janly tebigatyň milli muzeýinde üç sany ýolbars çagajygy dünýä indi

опубликованно 08.07.2015 // 1429 - просмотров
 

Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýinde haýwanlaryň sany köpeldi. Saryja we Akja atly ýolbarslar täze nesil berdiler. 26-nji iýunda üç sany ýolbars çagajyklary dünýä indi.

Ene ýolbars we çaga ýolbarsjyklar özüni oňat duýýar. Olaryň hemmesiniň işdäsi gowy, Akjanyň iýmitine goşmaça ýokumly maddalar goşuldy. Ýolbarsjyklaryň agramy artýar, olar eýýäm ýörejek bolýarlar we töwereginde bolýan zatlara gyzyklanma bildirýärler. Ýene iki aýdan, ýolbarsjyklar durmuşa doly uýgunlaşanlaryndan soň olara at beriler. Şonda ýolbarslar maşgalasyna janly muzeýe gelip görýänler tomaşa edip bilerler.

Taryh üçin uzak bolmadyk geçmişde Türkmenistanyň çäklerinde ýolbarslaryň bolandygyny alymlar belleýärler. Biziň ýurdumyzyň sähralyk we ýarym çöllük künjekleri olaryň ýaşamagyna şert döredipdir. Ýurdumyzyň käbir ýerleriniň atlarynyň düzümine “şir”, ýa-da “ýolbars” sözleriniň girizilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Mysal üçin Tejen etrabynyň çäklerinde Şirdepe we Ýolbarsly diýen ýerler bar. Şirli, Şiraly, Şirmyrat ýaly erkek adamlaryň atlary köp gabat gelýär.

Gadymdan bäri ýolbarslary haýwanlaryň şasy diýip atlandyrýarlar, onuň tebigat tarapyndan berlen güýç-kuwwatyny, adalatlylyk, parasatlylyk, hüşgärlik, mertlik, çäksiz edermenlik ýaly sypatlaryny belleýärler. Gadym döwürleriň heýkeltaraşlyk eserlerinde ýolbars häkimetiň, güýç-kuwwatyň nyşany hökmünde şekillendirilipdir.

2013-nji ýylyň awgust aýynda Halkara türkmen-italýan arheologiýa ekspedisiýasy “Nusaý” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde ýüzüne okuň degen ýerleri, ýolbarsyň kellesiniň şekili çekilen dörtburç daş böleklerini ýüze çykardylar. Olar jaýlary bezemek üçin niýetleniplir. Ýolbarsyň ýaly, maňlaýy we burny, agzy we wehim salýan gözleri jikme-jik şekillendirilipdir. Ýolbarsyň tüýüniň hakyky reňkine meňzeş reňk bölejikleri saklanyp galypdyr. Ozal bu ýerden biziň eýýamymyzyň 3-2 asyrlaryna degişli ýolbarslaryň kellesi şekillendirilen tapyndylar ýüze çykarylypdy.

Häzirki wagtda biziň ak mermerli paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde hem ýolbarslaryň heýkellerine gabat gelmek bolýar. Olar ajaýyp binalara we köprülere okgunly ösýän ýurdumyzyň kuwwatlyk alamatlaryny berýärler.

Diri ýolbarslar bolsa, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Tebigatyň janly muzeýine getirilen ilkinji haýwanlardyr. Kyrk gektar meýdanda ýerleşen muzeýde ýabany we eldeki haýwanlaryň, guşlaryň, sürenijileriň, balyklaryň 250 görnüşinden gowragy bar. Olaryň köpüsi Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň we Türkmenistanyň Gyzyl kitaplaryna girizilendir.

Biziň ýurdumyz 1996-njy ýylda bütin dünýäniň biologiýa görnüşleriniň ählisini gorap saklamaga gönükdirilen bioköpdürlilik hakyndaky Konwensiýany, halkara ähmiýetli suw-batgalyk ýerler baradaky Ramsar konwensiýasyny we beýleki köptaraply ekologiýa ylalaşyklaryny tassyklamak bilen biziň ýurdumyz türkmen topragynyň gaýtalanmajak ösmek we haýwanat dünýäsiniň köpdürliligini gorap saklamak hem-de köpeltmek boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Häzirki wagtda Janly tebigaty milli muzeýi ýurdumyzyň iri ylmy, tebigaty goraýyş we medeni aň-bilim merkezidir. Arassa dag howasy we gaýtalanmajak tebigy künjek açyk asmanyň asytyndaky “janly” muzeý üçin aňrybaşy şertlerdir, onuň esasy bölegini häzirki zaman halkara ülňülerine we haýwanlary goramak boýunça kadalara layklykda döredilen haýwanat bagy eýeleýär.

Haýwanat bagy dört zolaga bölünýär: Afrika sawannasy we ýyrtyjy haýwanlar, toýnakly jandarlar we guşlar. Bu ýerde Günorta Afrikanyň haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri, Türkmenistanyň daglyk, çöllük, suwlyk we tokaýlyk künjeklerinde ýaşaýan jandarlarynyň dürli wekilleri bar, olar milli goraghanalaryň we zakaznikleriň gymmatly genofondydyr. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Tebigatyň janly muzeýine sowgat beren jandarlary muzeýiň gammatly gaznasynyň üstüni ýetirdi.

Haýwanlary saklamagyň şertleri tebigy şertlere golaýdyr. Bu ýerde olaryň oňat ýagdaýda saklanmagy we köpelmegi üçin ähli şertler döredilendir. Haýwanlary gyşyna saklamak üçin gurnalan giň ýapyk binalaryň açyk meýdançalara çykalgalary bar, suwdan doldurylan howuzlarda guşlaryň dürli görnüşleri erkana ýüzýär, aýlawly athana hem bar. Muzeýiň ylmy işgärleri we gözegçileri haýwanlaryň bu ýere uýgunlaşmagy ugrunda toplumlaýyn işleri alyp barýarlar. Muzeý toplumy açylaly bäri bu ýerde düýe guşlary, suwgunlar we beýleki haýwanlar täze nesil berýär, olar köpelýärler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter