Daşogzuň babadaýhanlary gowaça ekişine girişdiler | TDH
Ykdysadyýet

Daşogzuň babadaýhanlary gowaça ekişine girişdiler

опубликованно 29.03.2017 // 882 - просмотров
 

Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri gowaça ekişine girişdiler. Howa ýagdaýyna görä, bu ýerde ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki garanyňda ekiş biraz gijräk başlanýar. Halkymyzyň asylly däbine görä, möhüm möwsüme hormatly ýaşulularyň ak patasy bilen başlandy. Beýik Biribardan mähriban Watanymyza, halkymyza abadançylyk, gülläp ösüş, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işlerine rowaçlyk dileg edip, olar ilkinji tohumlary topraga taşladylar we mehanizatorlara orun berdiler.

Daşoguzlylar bu möhüm möwsümi ýokary hilli we bellenilen möhletlerde geçirmegi maksat edinýärler. Munuň üçin meýdan işleriniň anyk we bökdençsiz alnyp barylmagy, degişli agrotehniki çäreleriň berjaý edilmegi, dürli görnüşli traktorlar, ekiş gurallary, bejergi enjamlary ýaly döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň üpjünçiligi ýola goýlar.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde şu ýyl 140 müň gektara gowaça ekiler. Babadaýhanlar şunça meýdandan 230 müň tonna “ak altyn” ýygnamaga borçlanýarlar. Welaýatyň kärendeçileri “Daşoguz-120”, “Serdar”,
“S-4727”, “Daşoguz-114”, “Jeýhun” we “Gubadag-3” ýaly orta süýümli gowaça ekmegi meýilleşdirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter