Resmi habarlar 13-nji Iýul | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 13-nji Iýul

опубликованно 13.07.2015 // 890 - просмотров
 

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik baradaky ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçsmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk esasy we goşmaça jeza çärelerini çekmekden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi, resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Hojamuhammedow we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2015-nji ýylyň 15-17-nji iýuly aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde gulluk iş saparynda bolarlar.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi, resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň we Fransiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmelere gatnaşmak hem-de Pariž şäherinde ýerleşýän halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmek üçin, 2015-nji ýylyň 16-18-nji iýuly aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter