Türkmen telekeçileriniň çörek önümleriniň sergisi | TDH
Ykdysadyýet

Türkmen telekeçileriniň çörek önümleriniň sergisi

опубликованно 15.07.2015 // 1251 - просмотров
 

Aşgabat, 15-nji iýul (TDH) Şu gün, ählihalk baýramynyň - Galla baýramynyň öňüsyrasynda galla önümçiliginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda merkezinde ene topragymyzyň sahylygyny şöhratlandyrýan “Rysgal başy bugdaýdyr” atly sergi boldy. Ýurdumyzyň telekeliçileri tarapyndan öndürilen çörek önümleriniň köp görnüşleri görkezilen bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Türkmenistanyň Zenanllar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan guraldy.

Sergi ýurdumuzyň agrosenagat pudagynda hem-de bu pudagyň esasy ugurlarynyň biri bolan däneçilikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeleriň üstünlükli durmuşa geçirilýänliginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de ylmyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmaklyga uly üns berilýän, ileri tutulýan bu ugurda amala aşyrylýan anyk işler bugdaýy we beýleki galla önümlerini öndürmekde toplumlaýyn özgertmelere güýçli itergi berdi.

Ýokary hilli azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde goýlan wajyp wezipeleriň biridir. Soňky ýyllarda ýurdumuzda öndürilýän bugdaýdan un üweýän, çörek bişirýän, köke we aş önümlerini öndürýän kärhanalaryň ençemesi peýda boldy. Öndürilýän önümleri gaplamak üçin oňaýly şertler döredildi. Pudagyň alyjylara çöregi we çörek önümlerini gysga wagtda gyzgyny bilen ýetirmäge mükinçilik berýän tehniki üpjünçiligi has gowulandyryldy.

Önümleriň dürli görnüşleri görkezilen, owadan bezelen diwarlyklar sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Sergä “Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşiginiň köp sanly düzümleri, “Hasar”, “Misgär”, “Degirmen”, “Tomus”, hojalyk jemgyýetleriniň kärhanalary, “Aýly gije”, “Şyhatdar”, “Şekerli” köpçülik iýmiti kärhanalary, hususy telekeçiler we beýlekiler gatnaşdylar. Täze bişen çöregiň çagalykdan tanyş ýakymly ysy beýleki tagamlaryň ysy bilen garyşyp sergä gelenlerde ýakymly duýgulary oýardy.

Bu ýerde milli türkmen çöreginiň adaty görnüşlerinden başga-da külçe, petir, ýagly çörek, süýtli çörek ýaly görnüşleri görkezülipdir. Olaryň golaýynda ak bugdaý we çowdary unundan taýýarlanan “Borodino” tokga çörekleri we çöregiň beýleki görnüşleri ýerleşdirilipdir. Pişmeler, altynsow reňkli kökeler, dürli gutaplar sergä gelenleriň gözlerini dokundyrýar.

Köke önümlerini bişirmegiň ussatlary tarapyndan sergi üçin ýörüte taýýarlanan tortlaryň täsinligi sergä gelenleri haýran galdyrdy hem-de olaryň öwgüsine mynasyp boldy. Ýokary çeperçilik bilen taýýarlanan süýjilikler bugdaý sümmülleri, adaty ak öýleri bezedi. Ussatlar sergä gelenlere tagam taýýarlamagyň inçe syrlaryny öwretdiler.

Gaplanan önümler serginiň aýratyn bir bölüminde ýerleşdirilipdir. Bu ýerde alyjylara giňden mälim bolan önümler bilen bir hatarda täze önümler-kökeli, ak kökeli, gurak kökeli, unaşly, hatda börekli gaplar görkezilipdir. Söwda nokatlarynda ýerli galla hasylyndan taýýarlanan ýokary hilli önümleriň görnüşleri günsaýyn artýar.

Baýramçylyk sergisi çörek öndürmekde adaty hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanýan türkmen senagatçylarynyň we telekeçileriniň öndürijilik kuwwatynyň artýandygyny görkezdi.

Sergä gatnaşyjylar hususy telekeçilige döwlet derejesinde berilýän goldaw üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler hem-de Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine, azyk bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşmak üçin yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter