Türkmenistan Astanada «EKSPO-2017» halkara sergisinde üstünliklerini görkezmäge taýýarlyk görýär | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistan Astanada «EKSPO-2017» halkara sergisinde üstünliklerini görkezmäge taýýarlyk görýär

опубликованно 24.03.2017 // 756 - просмотров
 

Türkmenistan Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçiriljek «EKSPO-2017» halkara ýöriteleşdirilen sergisinde üstünliklerini görkezmäge taýýarlyk görýär.

Sergide ýurdumyzyň ýeten sepgitleri, ykdysady pudaklaryň gazanýan üstünlikleri, tebigy baýlyklar, daşky gurşawy goramak boýunça, ekologiýa ulgamynda alnyp barylýan işler görkeziler. Türkmenistanyň energetika serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy babatynda halkara derejesinde amala aşyrylýan taslamalara goşýan goşandy baradaky maglumatlara aýratyn üns berler. Serginiň çäklerinde şeýle hem Aşgabatda öňde boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary giňden beýan ediler.

Ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň halkara sergilerine we işewürler maslahatlaryna gatnaşmagy ägirt uly eksport we maýa goýum kuwwatyny durmuşa geçirmek, Türkmenistanda öndürilýän önümleri dünýä bazarlarynda üstünlikli ýerlemek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter