Barmasy çylşyrymly ýerlerde gün batareýalary sanly telefon stansiýalaryny energiýa bilen üpjün ederler | TDH
Ykdysadyýet

Barmasy çylşyrymly ýerlerde gün batareýalary sanly telefon stansiýalaryny energiýa bilen üpjün ederler

опубликованно 23.03.2017 // 809 - просмотров
 

Ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamynyň maýa goýum görkezijisi ýyl-ýyldan ýokarlanýar we şonuň netijesinde-de geçirijili, ykjam aragatnaşygynyň we internetiň müşderileriniň sany köpelýär, şeýle hem ýokary tehnologiýaly süýümli-optika ugurlary arkaly guralan aragatnaşyk ýaýlymlarynyň sany artýar. Şu ýyl welaýatlaryň barylmagy kyn we alysdaky ýerlerinde ýaşaýan ilaty maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmagyň derejesi görnetin ýokarlanar.

Aragatnaşyk ministrligi dünýäniň meşhur öndürijilerinden üç ýüze golaý häzirki zaman sanly telefon beketlerini satyn aldy. Munuň özi ilata giň gerimli Internete girmek we maglumatlary geçirmek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlardan hem-de aragatnaşygyň ýokary hilli hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda enjamlar doly möçberinde eýýäm gelip gowuşdy we “Türkmentelekom” döwlet kompaniýasy täze beketleri gurnamak işlerini alyp barýar. Barylmagy kyn etraplarda enjamlary durnukly elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin gün batareýalary ulanylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter