Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 17.07.2015 // 855 - просмотров
 

Barak Obama,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Amerakan halkynyň adyndan Mişel we men Size hem-de Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlarymyzy beýan edýäris we Oraza baýramy bilen gutlaýarys.

Oraza aýynda bütin dünýädäki musulmanlar, şol sanda ABŞ-daky berk we işjeň musulman jemgyýetçiligi ruhy täzeleniş hem-de asylly işler arkaly Beýik Biribara ýakynlaşmaga çalyşýarlar. Olar şu döwürde özleriniň ýakynlarynyň ýanynda bolup, pukaralara kömek berýärler hem-de parasatlylyk we rahatlyk barada pikir edýärler. Bularyň ählisi olara uly ynam bagyşlaýar. Şu döwürde agyz beklenmegi hem-de doga-dilegleriň edilmegi bize umumadamzat gymmatlyklary barada ýatladýar. Biz bu gymmatlyklary doly paýlaşýarys.

Goý, bu ýyl Size şatlyk, rowaçlyk we abadançylyk getirsin!

Oraza baýramyňyz gutly bolsun!

***

Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Pezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenisatnyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollaýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, türk halkynyň adyndan we öz adymdan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

***

Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenisatnyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa Siziň Alyhezretiňiziň parasatly ýolbaşçylygynda hoşniýetlilik we abadançylyk, bütin musulman ymmatyna rowaçlyk we ösüş arzuw edýärin.

***

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenisatnyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Sizi we Türkmenstanyň dostlukly halkyny biziň umumy mukaddes baýramymyz bolan Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň döwletlerimize we halklarymyza mahsus bolan, mukaddes yslam dini tarapyndan wagyz edilýän umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan dostluk we özara hormat goýmak däpleriniň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Ýakymly pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikler, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etmek isleýärin.

***

Almazbek Atambaýew,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenisatnyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan we öz adymdan Sizi mukaddes Oraza aýynyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramynyň gelmegi bilen gutlaýaryn.

Bu nurana baýram ruhy täzelenişi we ynsanperwerligi alamatlandyrýar, şeýle hem biziň ýurtlarymyzyň doganlyk halklaryny ýakynlaşdyrýar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirmek bilen, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter