Türkmenistanyň Mejlisi Adalatçyny saýlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Mejlisi Adalatçyny saýlady

опубликованно 20.03.2017 // 973 - просмотров
 

Türkmenistanyň Mejlisi Adalatçynyň wezipesine Ýazdursun Gurbannazarowany saýlady. Milli Parlamentiň «Adalatçyny saýlamak hakynda» degişli Karary Türkmenistanyň Mejlisiniň şu gün geçirlen bäşinji çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahatynda kabul edildi.

Adalatçynyň işi ynsanperwer ulgamda ýurdumyzyň halkara borçnamalaryna laýyk gelýän Türkmenistanyň degişli Kanuny bilen düzgünleşdirilýär. Dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň tejribesini nazara almak bilen, Adalatçy tarapyndan adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet derejesinde goralmagyny hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň olary berjaý etmegini we hormatlamagynyň mäkäm kepilliklerini döredýär.

Täze Kanunda göz öňünde tutulyşy ýaly, parlamentarileriň garamagyna üç adamyň kandidaturasy hödürlenildi, halk wekilleri gizlin ses bermek arkaly olaryň birini saýladylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter