Türkmenistanyň Prezidentine Laos Halk-Demokratik Respublikasynyň Prezidentinden | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Laos Halk-Demokratik Respublikasynyň Prezidentinden

опубликованно 20.03.2017 // 1022 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagyňyz mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň ýolbaşçylygyňyzda Laos Halk-Demokratik Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň biziň halklarymyzyň bähbidine, şeýle hem parahatçylygyň, durnuklylygyň we halkara hyzmatdaşlygynyň bähbidine has-da berkejekdigine ynanýaryn.

Size abadançylyk we asylly başlangyçlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Bunnýang Woraçit,
Laos Halk-Demokratik Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter