Türkmenistanyň Prezidentine Täjigistan Respublikasynyň Prezidentinden | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Täjigistan Respublikasynyň Prezidentinden

опубликованно 20.03.2017 // 1068 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň tutuş halkyny tebigatyň janlanmagynyň hem-de ýazky gije-gündiziň deňleşmeginiň gadymy baýramy—nurana Nowruzyň ýetip gelmegi mynasybetli uly kanagatlanma bilen gutlaýaryn.

Gündogarda hormat goýulýan baýramlaryň biri bolan Nowruz ynsanperwer we döredijilik däpleri – rehimlilik we asudalyk, şatlyk hem-de guwanç, päkýüreklilik we özara hormat goýmak ýaly däpleri bilen dünýäde çäksiz şöhrata eýe boldy hem-de halkara jemgyýetçiligi tarapyndan umumadamzat ösüşiniň täsin gymmatlygy hökmünde ykrar edildi.

Biziň ýurtlarymyzyň onuň belent mizemez maksatlaryna daýanyp, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna hem-de ösdürjekdigine umyt edýärin.

Nowruzyň ajaýp günleri Size, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç hem-de dostlukly türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, parahatçylyk, durnuklylyk we rowaçlyk arzuw etmäge maňa mümkinçilik berýär.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter