Türkmenistanyň Prezidentine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentinden | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentinden

опубликованно 20.03.2017 // 1076 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size hem-de doganlyk türkmen halkyna Nowruz bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy ibermek mende uly kanagatlanma döredýär.

Gadymy hem-de baky juwan Nowruz tebigatyň galkynmagyny we täzelenişi alamatlandyrýar, döwletlerimiziň we halklarymyzyň ýakyndygyny we taryhynyň umumydygyny ýüze çykaryp, olaryň arasyndaky dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň has-da berkemegine ýardam berýär.

Baharyň ilkinji günlerinde Siziň bilen Türkmenistanda bolan duşuşyklarymyzy we gepleşiklerimizi aýratyn mähir bilen ýatlaýaryn. Şol gepleşikler özbek-türkmen gatnaşyklarynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça diňe bir özara pikir alyşmaga mümkinçilik bermän, eýsem-de, iki duldegşir we doganlyk ýurtlaryň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň nusgasyny bütin dünýä jemgyýetçiligine nobatdaky gezek görkezdi.

Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly, tutuş sebitiň parahatçylygynyň, durnuklylygynyň hem-de rowaçlylygynyň, döwletlerimiziň halklarynyň bähbitlerine köptaraply we uzakmöhletli özbek-türkmen hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegini we çuňlaşdyrylmagyny üpjün etjekdigimize çuňňur ynanýaryn.

Şu nurana baýramçylyk günlerinde Size, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň mähribanlaryňyza we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de jogapkärli döwlet işleriňizde täze üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter