Türkmenistanyň Prezidentine Gazagystan Respublikasynyň Prezidentinden | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Gazagystan Respublikasynyň Prezidentinden

опубликованно 20.03.2017 // 914 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Biziň halklarymyz üçin umumy baýram bolan Nowruz mynasybetli hut öz adymdan we Gazagystanyň tutuş halkynyň adyndan ýollaýan tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.

Goý, bütin adamzada şatlyk we abadançylyk bagyş edýän Nowruz baýramy dini ynanjyna we diline garamazdan hemmeleri agzybirlige we abadançylyga çagyrsyn, jebis we dostlukly halklarymyza köp bagtyýarlyk we şatlyk getirsin.

Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda özara düşünişmek, dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk ruhunda ýola goýlan gatnaşyklaryň ýurtlarymyzyň halklarynyň rowaçlygynyň bähbidine pugtalanjakdygyna hem-de netijeli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size jogapkärli işiňizde uly üstünlikler, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden çykýan arzuwlar bilen,

Nursultan Nazarbaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter