Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidentinden | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidentinden

опубликованно 20.03.2017 // 966 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Prezident, gadyrly doganym,

Türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de dost we dogan türkmen halkyny däbe öwrülen, gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Häzir umumadamzat gymmatlygyna eýe bolan bu baýramçylyk dünýäniň ähli künjeklerinde dabaraly bellenip, Nowruzyň alyp gelýän söýgi we doganlyk duýgularyny dünýä ýaýmak boýunça umumy tagallalara ýardam edýär.

Nowruz baýramynyň gelip ýetmegi asudalygyň we durnuklylygyň alamaty hökmünde “täze günüň” diňe biziň ýurtlarymyzda we sebitde däl-de, eýsem, tutuş dünýäde dogmagynyň nyşanyna öwrüljekdigine umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlik, dost we dogan türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Rejep Taýip Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter