Türkmenistanyň Prezidentine Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyndan | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyndan

опубликованно 20.03.2017 // 933 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Nowruz baýramy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň, hytaý halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size we türkmen halkyna gutlaglarymy beýan etmek hormatyna şatdyryn.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berip, dürli pudaklarda biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak üçin Siziň bilen bilelikde işlemäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk we işleriňizde üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter