Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 17.07.2015 // 935 - просмотров
 

Aşgabat, 17-nji iýul /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine we käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, geljek hepdäniň sişenbe güni şanly seneleriň – Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi hem-de «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygynyň giňden we dabaraly belleniljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biz mähriban halkymyzyň sagdyn durmuş kadalaryna laýyklykda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegi öz öňümizde maksat edip goýduk. Şu belent maksatdan ugur alyp, berkarar Watanymyzyň ähli obadyr şäherlerinde döwrebap saglygy goraýyş merkezleri, bejeriş edaralary we lukmançylyk okuw mekdepleri giň gerim bilen gurulýar. Bu edaralar häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Saglygy goraýyş ulgamy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Olar üçin zerur bolan ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalar yzygiderli gurulýar. Giň gerim bilen alnyp barylýan bu işlere köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär.

Ýurdumyzda bellenýän şanly baýramlaryň öň ýanynda täze desgalaryň düýbüni tutmak we gurluşygy tamamlanan desgalary dabaraly açyp, ulanmaga bermek indi asylly däbe öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biz şu gezek hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramy mynasybetli, Aşgabat şäherinde mähriban halkymyzyň saglygyny goramaga, ýurdumyzda lukmançylyk ulgamyny has-da ösdürmäge uly itergi berjek Halkara merkezleriniň düýbüni tutarys. Şeýle hem, häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda täze gurlan döwrebap merkezleriniň toplumyny dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, milli Liderimiz belledi.

19–21-nji iýul aralygynda «Saglyk–2015» atly halkara sergisini geçirmegi hem göz öňünde tutýarys. 21–22-nji iýulda bolsa, Halkara saglygy goraýyş maslahatyny geçireris diýip, hormatly Prezidentimiz bu şanly seneler mynasybetli ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge uly goşant goşan işgärleriň yhlasly zähmetine mynasyp baha beriljekdigini aýtdy. Mähriban halkymyzyň saglygyny goramakda, Bitarap Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmakda uly işleri bitiren daşary ýurtly saglygy goraýyş işgärlerine hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy işgärlerine döwlet sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Biz geljekde hem raýatlarymyzyň saglygyny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan işlerimizi giň gerim bilen dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny berkarar Watanymyzda uly dabaralara beslenip, giňden bellenip geçilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, şeýle hem «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň şanly 20 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ähli watandaşlarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, egsilmez bagt, saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerine bolsa, alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, şanly sene mynasybetli dürli çäreleriň, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahatlaryň geçirilendigi, şeýle hem köp sanly makalalaryň çap edilendigi, tele we radio gepleşikleriň guralandygy habar berildi. Bellenilişi ýaly, 4-nji iýunda Daniýanyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda 20 ýylda gazanylan üstünliklere bagyşlanan Türkmenistanyň güni geçirildi.

Baýramçylyk maksatnamasyna laýyklykda iri çäreleriň birnäçesi geçiriler. Olaryň hatarynda “Saglyk-2015” atly halkara sergisi bar. Bu sergi 19-njy iýulda Aşgabatda açylar. Mundan başga-da, 20-nji iýulda paýtagtymyzda Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň dabaraly düýbüni tutmak, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara Okuw-ylmy merkezini, Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň binalaryny, 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygy goraýyş ylmy-kliniki merkezini, Baş dermanhana birleşiginiň döwrebap ammaryny we Tejen şäherinde 120 orunlyk Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezini dabaraly açmak meýilleşdirilýär. 21-22-nji iýulda Aşgabatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde şanly senä bagyşlanan Halkara saglygy goraýyş maslahaty geçiriler. Garaşylyşy ýaly, oňa 31 ýurtdan we abraýly halkara guramalaryndan wekiller gatnaşar.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalaryň gaznasynyň (UNISEF) arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek baradaky Ähtnama hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi. Bu resminama ýurdumyzda çagalaryň we ulularyň arasynda öňüni alyş sanjym çärelerini geçirmek üçin 2016-2020-nji ýyllarda degişli lukmançylyk serişdelerini satyn almak, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasy bilen däp bolan hyzmatdaşlygy dowam etmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy baradaky aladanyň Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. 20 ýyl mundan ozal kabul edilen “Saglyk” döwlet maksatnamasy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň barşynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda we derman senagatynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Ýurdumyzda bu möhüm ulgamda uly üstünlikler gazanyldy.Şol üstünlikler bolsa halkara derejesinde ykrar edildi we biz olara buýsanmaga haklydyrys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Geçen ýyllaryň dowamynda giň möçberli işler, şol sanda degişli kanunçylyk binýadyny pagtalandyrmak, ilatyň saglygyny goramagyň netijeli milli ulgamyny döretmek, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda obalarda iň täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralaryny, şypahana düzüminiň desgalaryny gurmak boýunça uly işler geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, türkmenistanlylary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, raýatlarymyzyň aňynda saglyk barada täze garaýyşlary kemala getirmek esasy görkezijiler bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen köp ugurly hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Ýurdumyzy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen özara gatnaşyklaryň köp ýyllyk oňyn tejribesi baglanyşdyrýar. Saglygy goraýyň dürli ugurlarynda bilelikdäki möhüm taslamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistana ýurdumyzda birnäçe ýokanç keselleriň ýok edilmegi hakyndaky halkara sertifikatlaryň gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda maksadalaýyk toplumlaýyn işleriň dowam etdiriljekdigini aýdyp, täze “Saglyk” döwlet maksatnamasyny hem-de bu maksatnamany ýerine ýetimegiň 2015-2017-nji ýyllar üçin milli meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Milli Liderimiz bu maksatnamanyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleri berkitmäge we artdyrmaga ýardam etmelidigini, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryna hem-de innowasion tehnologiýalara daýanmak arkaly milli lukmançylygy ösdürmäge täze itergi bermelidigine, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etmelidigini nygtap, wise-premýere bu maksatnamanyň gyşarnyksyz durmuşa geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Baştutany sözüni dowam edip, döwletimiziň ösüp gelýän nesil, onuň saglygy, abadançylygy we sazlaşykly ösüşi barada aýratyn alada edýändigine belledi. Ýurdumyz bu ugurda BMG-niň Çagalar Gaznasy (UNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Durmuşa geçirilen taslamalaryň ençemesi häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar bu köp ýyllyk işiň aýdyň netijesidir.

Türkmenistan eneligi we çagalygy goramak meselelerini çözmäge düýpli we jogapkärli çemeleşip, bu ulgamda yzygiderli netijeli çäreleri görýär. Şol çäreler bolsa anyk netijeleri berýär. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda gurlan “Ene mähri” merkezleri munuň aýdyň subutnamalarynyň biri bolup durýar.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we ýod ýetmezçiligi zerarly ýüze çykýan kesellere gözegçilik etmek boýunça Halkara geňeşiniň halkara sertifikaty ýod etmezçiligini aradan aýyrmakda ýurdumyzyň üstünlikleriniň hakyky ykrarnamasyna öwrüldi. Bu sertifikat Türkmenistanyň GDA ýurtlarynyň arasynda ilkinji we dünýäde ilkinjileriň biri bolup umumy ykrar edilen halkara ülňülerine laýyklykda duzyň ýodlaşdyrylmagyny üpjün eden döwlet bolandygyny tassyklaýar. Ýurdumyzda keselleriň öňüni alyş çäreleri boýunça Milli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýokanç keseller bilen kesellemegiň möçberi ep-esli azaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň mundan beýläk hem BMG-niň Çagalar gaznasy bilen umumy bähbitlere laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga meýillidigini belläp, Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek baradaky Ähtnama hakyndaky Karara gol çekip, bu resminamanyň ýerine ýetirilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwletiniň halkymyzyň saglygy we abadançylygy barada hemişe hemmetaraplaýyn alada etjekdigini ýene-de bir gezek nygtap, Halkara saglyk merkezleri müdiriýeti hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky hem-de Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkezlerini gurmak hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna hem-de Saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärleriniň gününe bagyşlanan çäreleriň ählisine göwnejaý taýýarlyk görmegi we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew obasanagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda aýtmak bilen, wise-premýer türkmen gallaçylarynyň bugdaý oragyny tamamlandygyny habar berdi. Geljekki ekiş möwsümine tohumlyk serişdeleri taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm hem-de ýerleri tekizlemek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreler ýerine ýetirilýär, ekinleriň hatarara bejergisi, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer her ýyl iýul aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilýän Galla baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hem habar berdi. Bu baýramçylyga gabatlanylyp, ylmy-önümçilik maslahaty, “Ak bugdaý” binasynyň öňündäki meýdançada konsert we beýleki dabaralar guralar. Esasy baýramçylyk dabarasy bolsa 19-njy iýulda “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde geçiriler, şol ýerde çörek önümleriniň sergisi hem guralar. Işde has tapawutlanan gallaçylara, kombaýnçylara we oba hojalyk pudagynyň beýleki hünärmenlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda gowaça ideg etmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda ýokary hilli geçirilmegi üçin ähli guramaçylyk şertleriniň döredilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere oba hojalyk toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň, şol sanda pagta ýygymyna taýýarlyk görmek baradaky wezipäniň öz wagtynda çözülmegine degişli anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak galla tabşyran edermen gallaçy--kärendeçileriň görkezen ajaýyp zähmet netijesiniň dabaralanmasy bolan Galla baýramyny mynasyp garşylamak bilen bagly meselä geçip, ähli baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisilisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzda halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Mejlisiň degişli toparlary tarapyndan täze kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar, Türkmenistanyň Konistitusiýasynyň täze kämilleşdirilen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak, ilatymyzdan gelip gowuşýan teklipleri nazara almak bilen Esasy Kanuna täze maddalary, üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem türkmen parlamentiniň parlamentara gatnaşyklaryny we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, 23-24-nji iýulda Aşgabat şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň üçünji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu iş toparynyň düzümine girýän degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iki tarapynyň hem teklipleri nazarda tutulyp, mejlisiň Teswirnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Duşuşygyň gün tertibine dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň girizilmegi meýilleşdirilýär. Nebithimiýa toplumynda, energetika, senagat, ulag, gurluşyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda, bilim, ylym, sport hem-de syýahatçylyk ugurlarynda türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşmalar bolar.

Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň biri bolan we Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşy hasaplanýan Tatarystan Respublikasy bilen köpýyllyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz netijeli türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde bilelikdäki toparyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, döwletara gatnaşyklary üçin ygtybarly binýadyň kemala getirilmegine täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi we döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Ýazmuhammedowa Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu çärä gatnaşmak üçin şu ýylyň 4-6-njy awgustynda Türkmenistana dostlukly ýurduň wekiliýeti geler. Döredijilik forumynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti, Hytaýyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guralar. Myhmanlar üçin medeni maksatnamasy taýýarlanyldy. Olar türkmen paýtagtynyň muzeýlerine we beýleki täsin ýerlerine baryp görerler.

Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň ikinji ýarymynda ýurdumyzda medeni- köpçülikleýin çäreleri we halkara forumlaryny geçirmegiň hem-de dürli maksatly binalaryň açylyp, ulanmaga berilmegi mynasybetli geçiriljek medeni çäreler barada hasabat berdi. Şu ýylyň ikinji ýarymynda halkara maslahatlaryny, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Medeniýet günlerini we daşary döwletleriň biziň ýurdumyzdaky Medeniýet günlerini, dürli sergileri, konsertleri we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze döwrüň talaplaryna we bu ulgamda gazanylan üstünliklere laýyklykda, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymy Hytaý Halk Respublikasy bilen medeni gatnaşyklary ösdürmegiň döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, HHR-iň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň gadymdan gelýän dostluk däplerine esaslanýan hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz bu döredijilik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýakynda Tokio şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Türkmen-ýapon ykdysady we maýa goýum-tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki senagat taslamalaryny, şol sanda tebigy gazy ýokary tehnologik taýdan gaýtadan işlemek, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän we bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak we gurmak, täze ylmy-tehniki işläp düzmeleri, menejmentiň we marketingiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak şol saparyň esasy maksatlary boldy.

Habar berlişi ýaly, saparyň özi we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikler örän netijeli boldy. Iş saparynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi, türkmen tarapyna görkezilen myhmansöýerlik Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezdi. Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe, günüň dogýan ýurdunyň iri işewürliginiň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar kabul edişligiň derejesini belledi.

Duşuşyklarda Türkmenistanyň çägindäki ýataklary işläp düzmegiň, nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de türkmen gazyny daşary ýurtlara ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, beýleki ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň taslamalaryny amala aşyrmaga ýapon maýasynyň gatnaşmak mümkinçiligine seredildi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa amala aşyran resmi saparynyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalarynyň ençemesine gol çekildi. Olaryň hatarynda “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri bilen “Sojitz”, “Chiyoda”, “Nippon”, “ITOCHU”, “JGC”, “Kawasaki”, “TOYO”, “Mitsui”, “Tsukishima”, “Mitsubishi”, “Sumitomo” ýapon kompaniýalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda baglaşylan ylalaşyklar we şertnamalar bar. Amala aşyrylmagy meýilleşdirilen taslamalaryň umumy bahasy 10 milliard amerikan dollaryndan hem geçýär. Gürrüň, hususan-da, tebigy gazy suwuk ýangyja gaýtadan işleýän, tebigy gazy benzine gaýtadan işleýän zawody gurmak, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny, natriniň subfatyny we kir ýuwujy serişdäni öndürýän zawody, ammiak we karbamid öndürýän zawody we beýleki kärhanalary gurmak hakynda bardy.

Eýýäm 2014-nji ýylyň oktýabrynda Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumy ulanmaga berildi. Bahasy ABŞ-nyň 1 milliard dollaryndan gowrak bolan bu döwrebap kärhana “Renaisance” türk kompaniýasy tarapyndan bina edildi. Taslamany düzmek, enjamlary getirmek we tehniki maslahatlary bermek işlerini “Kawasaki Plant Systems Ltd” we “Sojitz Corporasion” ýapon kompaniýalary amala aşyrdy.

Mundan başga-da, geçen ýyl Hazaryň kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Bahasy ABŞ-nyň 3 milliard 432 million dollaryndan gowrak bolan taslamany “TOYO Engineering” kompaniýasy /Ýaponiýa/ hem-de “LG International Corporasion” we “Hyundai Engineering Corp. Ltd” /Koreýa Respublikasy/ kompaniýalarynyň konsorsiumy bilelikde amala aşyrýarlar. Toplumyň önümçilik kuwwaty bir ýylda polietileniň 386 müň tonnasyna hem-de polipropileniň 81 müň tonnasyna deň bolar. Bu taslamanyň 2014-nji ýylda Ýewropanyň we Ýewraziýanyň iň gowy taslamalarynyň biri hökmünde “TXF” /Beýik Britaniýa/ guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp bolmagy bellärliklidir. Şol taslamalar eksport-kredit agentlikleri, ýapon maliýe-bank düzümleri tarapyndan maliýeleşdirilýär.

2014-nji ýylyň awgustynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnama boýunça “Mitsubishi Corporasion” /Ýaponiýa/ we “Gap Inşaat” /Türkiýe/ kompaniýalarynyň konsorsiumy Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän zawodyň gurluşygyna girişdi. Kärhananyň kuwwaty bir ýylda 1 million 155 müň tonna önüme deň bolar.
Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy dowam edýär. Bu iri maýa goýum taslamasy “Kawasaki” ýapon kompaniýasy we “Rönesans Holding” türk kompaniýasy tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar. Kärhana her ýylda tebigy gazyň 1 milliard 785 million kub metrini gaýtadan işlär we A-92 benzininiň 600 müň tonnasyny öndürer. Ol Euro-5 standarty boýunça ýokary ekologik talaplaryna laýyk geler. Taslamanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna deň bolar. Ol ýapon tarapynyň serişdeleriniň hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň serişdeleriniň hasabyna bina ediler. Zawody 2018-nji ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan tebigy gazyny has çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge, netijede ondan alynýan önümleriň eksportdaky paýyny artdyrmaga üns bermek bilen, diňe tebigy gaz we çig nebit ýaly energiýa serişdeler bazarynda däl-de, eýsem has girdejili gazhimiýa önümleri bazarynda mynasyp orny eýelär.

Umuman, bularyň hemmesi iri ýapon işewürleriniň Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezýär. Bu bolsa öz gezeginde halkara abraýyna we uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurdumyza ygtybarly, durnukly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ynam bildirilýändigini tassyklaýar.

Mundan başga-da, ýapon kompaniýalary elektroenergetika pudagyndaky ylmy we önümçilik işlerini hödürlemäge, bu ulgamy döwrebaplaşdyrmaga, şeýle hem ulag taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmaga taýardygyny beýan etdiler. Ýapon hyzmatdaşlarymyz, hususan-da, Lebapda täze döwrebap elektrik bekedini gurmaga hem-de Aşgabat-Awaza ugry boýunça ýokary tizlikli demir ýollaryny çekmäge aýratyn gyzyklanma bildirdiler. Bu ýol diňe Türkmenistan we sebit üçin däl-de, eýsem tutuş yklym üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan köpugurly ulag ýollaryny we geçelgelerini döretmek nukdaýnazaryndan örän möhüm bolup durýar.

Şunuň bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 27-nji iýunynda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýapon kompaniýalarynyň gaz ulgamyny ösdürmäge giňden gatnaşmak mümkinçiligine seredildi. Onuň kämilleşdirilmegine Türkmenistan iri energetika döwlet hökmünde uly ähmiýet berýär.

Ozal geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň çäklerinde ýapon hyzmatdaşlarymyz Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň gurluşygyna maýa goýmak teklibi bilen çykyş etdiler. Bu port ýurdumyzyň “deňiz derwezesi” bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzir döredilýän kuwwatly sebit ulag düzüminiň aýrylmaz bölegine öwrüler. Türkmenistan öz başlangyçlary netijesinde onuň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşdy.

Ýokary hilli kremniý almagyň innowasion tehnologiýasyny barlamakda we işläp taýýarlamakda hem türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň uly geljegi bar. Onuň dünýäniň energetikasynyň geljegi üçin uly ähmiýeti bardyr. Türkmenistanda ýokary tehnologiýalar boýunça maglumat merkezini açmak, ekologik taýdan arassa önümçilikleri gurmaga we energiýa tygşytlamak boýunça çäreleri ornaşdyrmaga ýapon hünärmenleriniň ýardam etmek mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşylýar.

Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri himiýa pudagynyň kärhanalaryny gurmagyň, Garabogaz aýlagynda gidromineral serişdelerini bilelikde toplumlaýyn özleşdirmegiň, natriniň sulfatyny we beýleki himiýa önümlerini öndürmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýärler.

Iş saparynyň çäeklerinde geçirilen duşuşyklarda bellenilişi ýaly, ýapon tehnologiýalary we Türkmenistanyň tebigy serişdeleri biri-biriniň üstüni ýetirip, ýapon kompaniýalarynyň tebigy serişdeleri işläp taýýarlamaga, ulag düzümini döwrebaplaşdyrmaga, hünärmenleri taýýarlamak we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyga gatnaşmagy, amatly maýa goýmagy üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, wekilçilikli işewür duşuşyklaryny, bilelikdäki işewürlik çärelerini we maslahatlaryny geçirmegiň möhümdigi bellenildi, munuň özi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda ykdysady başlangyçlara zerur bolan maglumatlar goldawyny döredýär. Türkmenistanyň Ýaponiýa üçin diňe tebigy serişdeleri we ykdysady kuwwaty bilen däl-de, eýsem Günbataryň we Gündogaryň arasyndaky baglaýjy halka hökmünde geosyýasy ýagdaýy bilen ähmiýetiniň uludygy bellenildi.

Türkmenistan sebitiň ulag düzümini we turba geçiriji ulgamyny ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. Hususan-da, Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň tamamlaýjy tapgyra gadam basan taslamasy hem-de Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy Owganystany dikeltmek we ösdürmek boýunça umumy tagallalara uly goşant bolup durýar. Ýaponiýa sebit hyzmatdaşlygynyň bu ugruna uly ähmiýet berip, onda geçirilýän işlere gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär.

Şeýlelikde, ýapon işewür we syýasy toparlarynyň netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmek boýunça anyk teklipleri bilen berkidilýän hoşniýetli erk-isleg we özara gyzyklanma ýola goýlan netijeli gatnaşyklary giňeltmek hem-de dostlukly türkmen we ýaron halklarynyň bähbidine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy özleşdirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Ähli ugurlarda, aýratyn-da, ýangyç-energetika toplumynda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ähmiýetini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň ägirt uly serişdelerini we maýa goýum mümkinçiliklerini amala aşyrmagy, uglewodorodlaryň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, nebitgaz pudagynyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmagy we döwrebaplaşdyrmagy ugur edinýändigini belledi. Şu nukdaýnazardan milli Liderimiz ýurdumyzyň nebit we himiýa senagatyna täze önümçilik tehnologiýalaryny we enjamlaryny ornaşdyrmagyň ugurlaryna ünsi çekdi. Bu türkmen ykdysadyýetiniň strategik ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Türkmenistan we Ýaponiýa özara söwdanyň möçberini, şol sanda maýa goýumlaryny artdyrmak, bilelikdäki işleriň geljegi uly bolan täze ugurlaryny ösdürmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Milli ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmäge we onuň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga tarap ugur almak bilen Türkmenistan ýokary tehnologiýalar we öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlar babatda Ýaponiýanyň toplan tejribesine uly gyzyklanma bildirýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek boýunça amala aşyrylýan strategiýada giň halkara hyzmatdaşlygyň hem-de iň gowy dünýä kompaniýalarynyň, şol sanda ýapon kompaniýalarynyň tejribesini we tehnologiýalaryny işjeň çekilmegine aýratyn ornuň degişlidigini aýtdy. Biz iri ýapon işewürleriniň bildirýän gyzyklanmasyny goldaýarys hem-de özara bähbitli, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys diýip, milli Liderimiz wise-premýere ýapon hyzmatdaşlardan gelip gowuşýan başlangyçlary, ýangyç-energetika toplumynda bilelikde amala aşyrylýan taslamalar boýunça özara gatnaşyklar bilen bagly meseleleri düýpli seljermegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň çäklerinde türkmen wekiliýetini Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherine iş saparyna ibermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Munuň özi hindi tarapynyň bu gaz geçirijiniň taslamasynyň çalt durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Geçen hepdede Hindlistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda bu meselä aýratyn üns berildi, bu bolsa taslama gatnaşýan ýurtlaryň TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýardygyny görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň dokma senagatynyň önümçilik düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we türkmen harytlarynyň eksportunyň möçberini artdyrmak barada kabul edilen döwlet maksatnamasyna, dokma pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipelerine laýyklykda, täze kärhanalary gurmak taslamalary boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň tutuş senagat ulgamynda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmak we maýa goýumlaryny giňden çekmek bolsa bu pudagy düzümleýin özgertmegiň esasy maksatlary bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz bu pudagy ösdürmegiň depginleriniň göz öňünde tutulan meýilnamalaryň we milli maksatnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etmelidigini nygtady. Milli Liderimiz has amatly galyndysyz tehnologiki önümçilikleri ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň kärhanalarynyň düşewüntligini artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, dokma senagatynda göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň düzüm birlikleriniň işini has-da kämillşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ulgamda geçirilýän guramaçylyk özgertmeleriniň möhümligini belledi. Olar Türkmenistanyň ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklaryny giňeltmäge, onuň çeýeligini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, ykdysady ösüşi üpjün etmäge we halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Milli Liderimiz giň gerimli durmuş-ykdysady wezipeleri üstünlikli çözmekde telekommunikasiýalar ulgamynyň möhüm orun eýeleýändigini belläp, döwletimiziň geljekde hem bu pudaga yzygiderli goldaw berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere işiň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň in dolandyryjysy Ş.Durdylyýew Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmagyň meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça 2015-2016-njy ýyllar üçin meýilnamany durmuşa geçirmek babatda geçirilýän işler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda amala aşyrylýan işleriň ýurdumyzyň ähli welaýatlary üçin nusgalyk bolmalydygyny belläp, şäher düzümini has-da kämilleşdirmek, gündelik durmuşda öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp düzmeleri giňden ulanmak bilen bagly meseleleriň möhümligine ünsi çekdi. Milli Liderimiz şäheriň durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini hem-de paýtagtymyzda gurulýan ähli binalaryň ýokary talaplara laýyk gelmegini, şol sanda binagärlik çözgüdi we bezegi nukdaýnazaryndan kybap gelmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow ýurdumyzyň elektroenergetika senagatyny täzeçil usulda sazlaşykly ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 9-njy iýulynda tassyklan “Türkmenistanda dürli görnüşli elektrik enjamlaryny öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde bu ulgam boýunça iş alyp barýan ýöriteleşdirilen birnäçe kompaniýalaryň teklipleri öwrenildi. Gelip gowuşýan tekliplere laýyklykda, elektrik energetikasy pudagy üçin pes we orta güýjenmeli kiçi beketleriň enjamlaryny öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şeýle hem bu ugurda zerur bolan hünärmenleriň degişli okuwlaryny guramak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Türkmenistanda döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürilmegi üçin bäsdeşlige ukyply, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen elektron we elektrotehniki senagatyň döredilmeginiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu ugurda bellenilen çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, toplumlaýyn işleriň alnyp barylmagynyň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz munuň halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine göönükdirilen ileri tutulýan meseleleriň biridigini belläp, degişli düzümleriň bu ugurda alyp barýan işlerini hemişe gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow şu ýylyň 4-nji awgustynda Bişkek şäherinde Türkmen-gyrgyz işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu maslahat iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralýar. Milli Liderimiziň garamagyna saglygy goraýyş, dokma senagaty, demir ýol pudagy, oba hojalygy, azyk senagaty, energetika, nebitgaz toplumy ýaly ulgamlarda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berlen teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga we bilelikdäki çäreleri ylalaşmaga gönükdirilen çäräniň iş meýilnamasynyň taslamasy hödürlendi. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde gyrgyz senagat kärhanalaryna hem-de “Bişkek” erkin ykdysady zolaga baryp görmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary ykdysady kuwwaty barada aýtmak bilen, işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga we özara haryt dolanyşygynyň artmagyna ýardam edýän şeýle maslahatlaryň geçirilmegini ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täsirli guraly bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bişkekde geçiriljek bu maslahatyň maksatnamasyny makullap, esasy ugurlaryň birnäçesi boýunça ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň meseleleri hem-de täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçilikleri barada durup geçmek bilen, degişli düzümleriň işini utgaşdyrmak barada görkezme berdi. Milli Liderimiz maslahatyň işiniň ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, haryt dolanyşygy düzüminiň hilini gowulandyrmaga, telekeçilik we tehnologik taslamalarynyň paýynyň artmagyna, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini hem-de mümkinçiliklerini döretmäge ýardam etmeginiň örän möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter