Aşgabatda, “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy açylyp ulanmaga berildi | TDH
Jemgyýet

Aşgabatda, “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy açylyp ulanmaga berildi

опубликованно 19.03.2017 // 974 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyz Aşgabadyň günorta-gündogarsyndaky Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň10-sy -- 3 sany 54 öýli, 7 sany 36 öýli jaýlar ulanmaga tabşyryldy.

Şäheriň «Парахат-7» iri ýaşaýyş toplumy birnäçe “bölümleri” -- «Парахат-7/1», «Парахат-7/2», «Парахат-7/3» ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýär. Birnäçe ýylyň içinde «Парахат-7/1», «Парахат-7/2» kiçi etrapçalarda dokuz gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 48-si bina edildi, zerir bolan düzümler döredildi – söwda merkezleri, çagalar baglary, Saglyk öýleri, medeni-köpçülikleýin çäreler üçin meýdançalar, çagalaryň oýun we sport meýdançalary, köpgatly duralgalar we beýleki dasgalar guruldy.

«Парахат-7/3» kiçi etrapçasynda häzirki wagtda iki müňe golaý öýleri özünde jemleýän binalaryň 27-si gurulýar. Bu ýerde 600 orunlyk mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň, metjidiň, iki sany söwda merkeziniň we awtoduralganyň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Bu kiçi etrapçada eýýäm 108 öýli iki sany hem-de 36 öýli bir ýaşaýyş jaýlary guruldy we maşgalalar göçüp geldiler.

“Parahat-7”-de ýaşaýyş jaý gurluşygynyň üçünji tapgyrynda jaýlar bitewi ýerine ýetirilişinde diwarlaryň bloklar arkaly dikeldilmegi bilen bina ediler. Burçlaýyn görnüşdäki toplumlaryň öýleriniň 54-sinde iki otagly öýleriň meýdany 94 inedördül metre, üç otagly öýleriň meýdany 123 inedördül metre, dört otagly öýleriňki bolsa 144 inedördül metre deň bolar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter