Halkara Nowruz baýramy mynasybetli esasy dabaralar 21-nji martda Mary şäherinde geçiriler | TDH
Medeniýet

Halkara Nowruz baýramy mynasybetli esasy dabaralar 21-nji martda Mary şäherinde geçiriler

опубликованно 17.03.2017 // 1350 - просмотров
 

Halkara Nowruz baýramy mynasybetli esasy dabaralar 21-nji martda Mary welaýatynyň merkezindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçiriler.

Halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary, milli oýunlary, baýramçylyk dessurlary dabara aýratyn öwüşgin çaýar. Şeýle hem bu ýerde milli amaly-haşam sungatynyň, muzeýleriň, neşir önümleriniň gymmatlyklaryny özünde jemleýän sergi guralar. Onda Watanymyzyň azyk senagatynda we obasenagat toplumynda ýeten sepgitleri görkeziler.

Baýramçylyk maksatnamasyna belli tans we folklor toparlarynyň, tanymal artistleriň hem-de bagşylaryň çykyşlary giriziler. Dabara gatnaşyjylar milli tagamlary taýýarlamagyň usullary bilen tanşyp bilerler. Şöhratly ahalteke bedewleri, baýramçylygyň özboluşly bezegi bolar. “Türkmeniň ak öýi” binasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guralar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter