10-14-nji martda Katar Döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler | TDH
Medeniýet

10-14-nji martda Katar Döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

опубликованно 10.03.2017 // 951 - просмотров
 

10-14-nji martda Katar Döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek bellenildi. Döredijilik çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň sahna ussatlarynyň konsertini, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň, Garaşsyz Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerine, Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna bagyşlanan neşir önümleriniň sergisini, iki ýurduň döredijilik işgärleriniň duşuşygyny guramak, türkmen kinofilmlerini görkezmek meýilleşdirilýär.

Çäre medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegini, türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmak işine bu ulgamyň edaralarynyň işjeň çekilmegini üpjün eder.Türkmen-katar ynsanperwer gatnaşyklary iki dostlukly ýurduň gatnaşyklaryny berkitmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter