Awazada “Hazyna” myhmanhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgediler | TDH
Ykdysadyýet

Awazada “Hazyna” myhmanhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgediler

опубликованно 10.03.2017 // 1097 - просмотров
 

Bazar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, syýahatçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalar ulgamyny netijeli dolandyrmak maksady bilen görülýän çäreler babatda teklipler taýýarlanylýar.

Şol teklipleriň biri Türkmenistanyň Merkezi bankynyň «Hazyna» myhmanhanasy döwlet kärhanasynyň guramaçylyk – hukuk görnüşini üýtgetmäge degişlidir.

Hususan-da, bu kärhanany hojalyk jemgyýetine öwürmek teklip edilýär. Şunda ýurdumyzyň degişli banklarynyň esaslandyryjylar hökmünde çykyş etmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem hojalyk jemgyýetiniň esaslyk maýasyna bank edaralarynyň meýilleşdirilýän paýly gatnaşyklary bolar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter