Utgaşykly dolanyşykda işlejek täze elektrik stansiýa üçin hünärmenler öňdebaryjy tejribä laýyklykda taýýarlanylar | TDH
Ykdysadyýet

Utgaşykly dolanyşykda işlejek täze elektrik stansiýa üçin hünärmenler öňdebaryjy tejribä laýyklykda taýýarlanylar

опубликованно 10.03.2017 // 1036 - просмотров
 

Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan ýurdumyzda we daşary döwletlerde hünärmenleri okatmak boýunça meýilnama işlenilip düzüldi. Şol hünärmenler Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde gurulýan, utgaşykly dolanyşykda işlejek, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynda işlärler. Şeýle hem şol hünärmenler bu ugurda öňdebaryjy tejribe we gazanylanlar bilen tanyşmak maksadynda Ýewropanyň ösen ýurtlaryna iberiler.

Şu ýylyň fewralynda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň wekiliýeti Fransiýada, Şweýsariýada we Italiýada iş saparynda boldular. Topar agzalary gaz turbinalaryny öndürýän zawodyna we okuw merkezine baryp, turbinalaryň öndüriliş tehnologiýasy, işleýiş aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Şeýle hem gaz turbinalarynyň pilçelerini, gaz turbinalaryny we generatorlaryň rotorlaryny öndürýän we abatlaýan zawodlara, utgaşykly dolanyşykda işleýän-Türkmenistanda ilkinji gezek gurulýan “Mary-3” elektrik stansiýasyna meňzeş elektrik stansiýasyna baryp gördüler.

Talyplary we hünärmenleri täze gurulýan stansiýada işlemäge taýýarlamak üçin düzülen okuw meýilnamasyny tapgyrlaýyn amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter