Şeýle hem okaň
11.12.2019 | Baýramçylygyň öň ýanynda Watanymyzyň sebitlerinde täze binalar ulanylmaga berildi
10.12.2019 | Sebitlerde baýramçylyk mynasybetli täze desgalaryň açylyş dabaralary
08.12.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze binalary
05.12.2019 | Milli Liderimiziň çykyşlarynyň ýygyndysynyň nobatdaky tomy

Aşgabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi, olara Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäreleriň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we ondan hem köp perzendi dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly atlara mynasyp bolan eneleri sarpalamak çäreleri guraldy, köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşuryldy.
Şu gezekki dabaralar baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen enelerimiziň iki ýüz segsenden gowragy “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp boldular.
Bellenilişi ýaly, köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak döwletimiziň baş aladasydyr. Halkara zenanalar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalaryň nobatdaky topary belent ýaşaýyş jaýynda ýerleşýän ähli amatlyklary bolan täze giň öýleriň açarlaryny aldylar, olar uly ruhubelentlik ýagdaýynda jaý toýlaryny tutdular.
Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda ähli ministrliklerde, pudak edaralarynda, olaryň düzüm böleklerinde, edaralarda we guramalarda, eýeçiligiň dürli görnüşli kärhanalarynda hormatly Prezidentimiziň adyndan aýal-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Däbe görä pul sowgatlary aýal-gyzlaryň ählisine, şol sanda talyplara, mekdep okuwçylaryna we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlara gowşuryldy.
Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün