Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy

опубликованно 07.03.2017 // 942 - просмотров
 

Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köçeleriniň birine-de onuň ady dakyldy. Ýadygärligiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Dabara ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti hemişe halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryna daýanan döwletara türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Yslam Abduganiýewiçiň uly ornuny nygtady.

Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidentine iň oňat ýadygärlik – bu onuň işiniň mynasyp dowam etdirilmegidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň, umumy taryhy kökleriň netijeli döwletara gatnaşyklarynyň berk binýady bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen we özbek Liderleri Yslam Karimowyň ýadygärligine gül desselerini goýdular.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter