Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsini açdylar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsini açdylar

опубликованно 07.03.2017 // 1244 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew toý bagyny kesip, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap täze demir ýol köprüsini açdylar.

Şanly waka mynasybetli dabaralaryň geçýän ýerinde türkmen we özbek artistleriniň çykyşlary, iki halkyň amaly-haşam sungatynyň sergileri, gadymy däp-dessurlaryň äheňindäki teatrlaşdyrylan çykyşlar bilen gurşalyp alnan uly baýramçylyk guraldy.

Uzynlygy 1750 metr bolan täze demir ýol köprüsi täze tehnologiýalaryň ulanylamgy bilen bina edildi. Has köp ýük göteriji otlulara niýetlenilip, ýokary derejeli seýsmiki durnukly we ulanylyşda örän berk bolan gurnamalar peýdalanyldy. Köprüniň aşagyndan gämileriň geçip bilmegi üçin döredilen giňişligiň beýikligi 10 metre, ini bolsa 60 metre deňdir.

Köpri demir-beton diregleriniň 18-siniň üstünde saklanýar. Diametri 1,5 metr bolan demir-beton daýançlar derýanyň 40 metrden gowrak çuňlugyndan ýere berkidilen direglere düşjek agramlary gyradeň paýlaýar. Derýanyň hanasynyň çäklerinde suw syrgynlarynyň sürtemeginden goramak üçin daýançlar aýnapoliefir turbalary bilen örtüldi. Amyderýanyň iki kenarynda-da demir ýol köprüsiniň töwereklerinde kenar berkidiji işleriň toplumy ýerine ýetirildi.

Häzirki wagta çenli Amyderýanyň üstünden demir ýol hereketi 1901-nji ýyldan bäri ulanylyp gelinýän köne köpri boýunça amala aşyrylýardy. Onuň soňky gezek durky täzelenilende, gurluşynyň birnäçe serişdeleriniň örän könelendigini ýüze çykardy. Şunuň bilen baglylykda, horamtly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 8-nji fewralyndaky Karary bilen täze demir ýol köprüsini gurmak barada çözgüt kabul edildi.Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi gurluşygyň buýrujysy, “ALTKOM” ýol gurluşyk” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti potratçy bolup çykyş etdi.

Inženerçilik gurluşy döredilende, bu ýerleriniň howa, toprak, inžener-geologiýa, gidrologiýa we tektoniki şertleri, howa ýagdaýy göz öňünde tutuldy. Täze köpri Lebap welaýaty, Türkmenistan üçin we umuman onuň goňşy ýurtlary üçin hem geosyýasy, ykdysady we durmuş taýdan uly ähmiýete eýedir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter