Iki aýyň dowamynda Türkmenistana daşary ýurt wekiliýetleriniň 64-si gelip gördi | TDH
Syýasat habarlary

Iki aýyň dowamynda Türkmenistana daşary ýurt wekiliýetleriniň 64-si gelip gördi

опубликованно 03.03.2017 // 801 - просмотров
 

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.

Diňe 2017-nji ýylyň iki aýynyň dowamynda dürli derejeli daşary ýurt wekiliýetleriniň 64-si DIM-iň üsti bilen Türkmenistanda saparda boldular. Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlara türkmen wekiliýetleriniň 120-si iberildi.

Ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde maslahatlaryň we duşuşyklaryň 19-sy guraldy. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň üstüni resminamalaryň 7-si doldurdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter