Türkmenistanyň Prezidenti YHG-ny syýasylaşdyrman, onuň işine täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga çagyrdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti YHG-ny syýasylaşdyrman, onuň işine täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga çagyrdy

опубликованно 01.03.2017 // 859 - просмотров
 

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary we ýokary wezipeli wekilleri bu düzümiň çäklerinde mundan beýläk hem özara hereket etmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Häzirki ýagdaýlary, dünýä ykdysadyýetindäki meýilleri, sebitdäki ýagdaýlaryň aýratynlyklary YHG-nyň işine täzeçe çemeleşmeleri talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabatda YHG-nyň Sammitinde eden çykyşynda aýtdy.

Biz bu guramany syýasalaşdyrmaly däldiris. Umumy bähbitleriň artykmaç taraplaryny we üstünliklerini artdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge çalyşýan döwletlerimiziň hyzmatdaşlyk etmeginiň esasy guraly hökmünde onuň ykdysady mazmunyndan gyşarmalara ýol bermeli däldiris diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýokary netijeli forumyň netijeleri boýunça metbugat konferensiýasy geçirildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter