Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan YHG sebit boýunça netijeli gepleşikler üçin oňyn şert hökmünde garaýar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan YHG sebit boýunça netijeli gepleşikler üçin oňyn şert hökmünde garaýar

опубликованно 01.03.2017 // 877 - просмотров
 

Pakistanyň paýtagty Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammiti geçýär. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşýar.

Türkmen Lideri ýokary derejeli Sammitde çykyş edip, mundan 20 ýyldan gowrak ozal, has takygy 1995-nji ýylyň 15-nji martynda hut şu ýerde, Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 3-nji duşuşygy geçirildi, onuň netijeleri boýunça Türkmenistana Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny bermek baradaky başlangyjy goldamak boýunça Yslamabat Jarnamasynyň kabul edilendigini belledi.

Ylamabat Jarnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biragyzdan kabul eden “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” Rezolýusiýasynyň esasynda duran ilkinji resminmalarynyň biri boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip, yglan etmek baradaky Rezolýusiýany hem kabul etdi. Milletler Birleşiginiň bu çözgüdi ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamakda Bitaraplygyň ägirt uly hyzmatynyň ykrar edilmegi boldy. Bu bolsa öz gezeginde ähli ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmegiň, olaryň durmuşynyň ruhy we medeni-ynsanperwer esaslaryny gorap saklamagyň we pugtalandyrmagyň maksatlaryna laýyk gelýär.

Türkmenistan hut şu umumyadamzat gymmatlyklaryndan ugur alyp, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) çäklerine netijeli gepleşikler üçin geljegi uly bolan we oňyn şert hökmünde garaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de munuň sebitde gatnaşyklary biziň döwletlerimiziň her biriniň uzakmöhletli bähbitlerine laýyklykda, ýola goýmaga ýardam berýändigini belledi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy hyzmatdaşlygy giňeltmek aýratyn-da, sebit üçin örän möhüm ähmiýeti bolan howpsuzlyk ýaly meselede uly mümkinçiligi bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Onuň netijeli üpjün edilmegini Türkmenistan howpsuzlygyň bitewülik we bölünmezlik kadalarynyň esasynda görýär. Biziň üçin bu ýagdaý syýasy, ykdysady, energetika, azyk, ekologiýa howpsuzlygyny we howpsuzlygyň beýleki görnüşlerini aýry-aýrylykda üpjün edip bolmajakdygyny aňladýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de olar biri-biri bilen bagly bolup, geosyýasy we geoykdysady babatda ýeke-täk bitewüligi emele getirmelidir diýip belledi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter