Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşar

опубликованно 28.02.2017 // 922 - просмотров
 

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Pakistan Yslam Respublikasyna ugraýar. Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde şol gün Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) nobatdaky XIII sammiti geçiriler.

Hökümetiň 24-nji fewralda geçirilen maslahatynda döwlet Baştutanymyz abraýly sebit we halkara guramalary, şol sanda YHG bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň golaýda tassyklanan “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Mälim bolşy ýaly, geljek ýedi ýyl üçin kabul edilen daşary syýasy ösüş strategiýasy ýurdumyzyň içerki ösüşi üçin oňaýly halkara şertlerini döretmäge, dünýä giňişliginde onuň kanuny bähbitlerini üpjün etmäge ýardam etmelidir hem-de ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga hyzmat etmelidir.

Iri sebitleýin ykdysady gurama bolan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy ysnyşykly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, 1985-nji ýylda Pakistan, Eýran we Türkiýe tarapyndan döredildi. 1992-nji ýyldan başlap, onuň agzalygyna 7 ýurduň: täze garaşsyz döwletleriň – Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň, şeýle hem Owganystanyň girmegi bilen bu guramanyň işi has-da işjeňleşdirildi. 1995-nji ýylda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde kabul edilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Kararnama laýyklykda, YHG Birleşen Milletler Guramasynda synçy derejesinden peýdalanýar, mundan başga-da, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynda synçy derejesine eýedir. YHG hemişelik hereket edýän sebit maslahat beriji we utgaşdyryjy gurama bolmak bilen, ykdysady hem-de durmuş ulgamlarda gülläp ösüşe, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär.

Dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmaga uly gyzyklanma bildirýän özygtyýarly Türkmenistan, häzirki wagtda iri halkara hem-de sebit guramalarynyň 40-dan gowragynyň, şol sanda YHG-niň doly hukukly agzasy bolup durýar. Türkmen tarapy YHG-niň ýokary derejedäki mejlislerine yzygiderli gatnaşýar.

Yslamabatda geçiriljek duşuşygyň barşynda gurama agza döwletleriň baştutanlary – Merkezi we Günorta Aziýa, Orta Gündogar ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilelikdäki söwda-ykdysady işi giňeltmek baradaky derwaýys meseleleriň birnäçesine gararlar, ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmadaşlygy höweslendirmegiň netijeli gurallaryny ara alyp maslahatlaşarlar, şeýle hem emele gelen taryhy şertlerde netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de guramaga täze çemeleşmeleri anyklaşdyrarlar.

Geçen duşuşyklarda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalarynyň sebitde ulag-energetika düzümini ösdürmek, suw-energetika tebigy serişdeleri netijeli ulanmak, erkin söwda zolaklaryny döretmek boýunça göz öňünde tutulan taslamalary we maksatnamalary çalt durmuşa geçirmegiň hasabyna dünýä ykdysady ulgamynyň çökgünligine garşy göreşmäge gönükdirilen netijeli bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtandyklaryny ýatlatmalydyrys.

Sebit hyzmatdaşlygy meselelerinde işjeň orny eýeleýän Türkmenistan soňky ýyllarda hyzmatdaş ýurtlar bilen bilelikde ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda halkara ähmiýetli giň möçberli taslamalaryň ençemesini üstünlikli durmuşa geçirýär. Olaryň hatarynda Ýewropa ýurtlaryndan Pars aýlagynyň portlaryna çenli ýoly ep-esli gysgaldan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň, geljekde türkmen tebigy gazynyň täze geljegi uly bazarlara uzakmöhletli iberilmegini üpjün etjek Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny görkezmek bolar.

Garaşylyşy ýaly, YHG-niň nobatdaky sammitiniň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurama agza döwletleriň Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter