Durmuş ulgamynyň pudaklarynyň maglumatlaşdyrylmagy-milli ösüşiň ileri tutulýan ugry | TDH
Syýasat habarlary

Durmuş ulgamynyň pudaklarynyň maglumatlaşdyrylmagy-milli ösüşiň ileri tutulýan ugry

опубликованно 25.02.2017 // 995 - просмотров
 

Şu gün Ministrler Kabinetiniň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary düzümleriniň öňünde durýan wezipeler boýunça iş maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda bu düzümlerdäki guramaçylyk meseleleriniň netijeleri we ondan gelip çykýan wezipeler kesgitlendi hem-de olary ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň barşynda bu düzümleriň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigi bellenilip, olaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň baş talabydygy barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 24-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň maslahatynda belleýşi ýaly ylym we bilim ýurtda gazanylýan üstünlikleriň hem-de geljekki ösüşleriň esasy bolup durýar.

Häzirki döwürede milli ykdysadyýetimiiň ähli ulgamlarynda täzeçil tehnologiýalar işjeň ulanylyp, öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanylýar hem-de olaryň esasynda giň möçberlt maksatnamalar we meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda maslahatda edilen çykyşlarda ylym we bilim ulgamlarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, aýratyn-da, ýokary hünärli ýaş alymlaryň täze nesliniň taýýarlanmagy, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatda milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlarynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda bu ulgamlaryň öňünde durýan wezipeler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary barada aýdylyp, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron materiallar hem-de degişli usullar esasynda kämilleşdirmegiň zerurdygy barada nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyzyň sanly okuw serişdeleri we enjamlary mugallymlar hem-de okuwçylar üçin elýeterli bolmalydygy barada aýdanlaryndan ugur alnyp, şu maksat bilen ugurdaş döwlet edaralary bilen bilelikde sanly bilim ulgamy baradaky konsepsiýany işläp taýýarlamagyň zerurdygy barada aýdyldy.

Mundan başga-da, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, keselleriň öňüni almak, bejerişiň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak we bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmek babatdadöwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pieir alyşmalar boldy.

Aýtaryn-da, bu duzumler boýunça täze bellenilen ýolbaşçylaryň öňünde hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümler bilen sazlaşykly iş alyp barmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, aýratyn-da ylmyň ýokary gazananlaryny özleşdirmek, şeýle hem degişli ugurlar boýunça ylmy açyşlary işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly jogapkärli meseleleriň durýandygy barada aýdyldy.

Maslahatda çykyş edenler özüne bildirilen ynam we döredijilikli işlemek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňlerinde durýan jogapkärli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter