Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä belledi | TDH
Resminamalar

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä belledi

опубликованно 23.02.2017 // 1660 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanlary bilen general –polkownik Ýaýlym Ýagmyrowiç Berdiýew goranmak ministri wezipesine, general-maýor Begenç Ataýewiç Gündogdyýew Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy – Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine, polisiýanyň general-maýory Isgender Handurdyýewiç Mulikow Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesine, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Amanmyrat Rejepmyradowiç Hallyýew Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine, polkownik Döwrangeldi Garýagdyýewiç Baýramow Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesine bellenildi.

Gol çekilen resminamalara laýyklykda, polkownik Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýew Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine, polkownik Meýlis Orazmyradowiç Nobatow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Begmurat Rahmangulyýewiç Muhammedow Türkmenistanyň adalat ministri wezipesine bellenildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň goranmak ministri general polkownik Ýaýlym Ýagmyrowiç Berdiýew Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter