Köneürgenç etrabynda iri ýyladyşhana toplumy gurulýar | TDH
Ykdysadyýet

Köneürgenç etrabynda iri ýyladyşhana toplumy gurulýar

опубликованно 23.02.2017 // 1174 - просмотров
 

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Azyk senagaty döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça “Gök ýyldyz” hususy kärhanasy tarapyndan iri ýyladyşhana toplumy gurulýar.

Toplumyň umumy meýdany on dört gektara deň bolup, onuň on getarynda ýyladyşhana hojalygy ýerleşer. Bu ýerde şeýle hem edara binasy, gök önümler saklanylýan ammar, önümleri saýpallamak we gaplamak boýunça ulgam, tehniki desgalar bina ediler.

Ýyladyşhananyň gurluşygynda ýokary ýylylyk saklaýjy häsiýete eýe bolan polikarbonat we aýna peýdalanylar. Wtamina baý önümleri ýetişdirmek üçin aňrybaş şertler dörediler. Ýylylyk we yşyklandyryş kadalarynyň berjaý edilmegi, topragyň çyglylygynyň we ýokumly maddalara baý bolmagynyň üpjün edilmegini ýörite enjam arkaly amala aşyrylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri gök-miwe önümleriniň önümçiligi boýunça ýyladyşhanalary Daşoguz welaýatynyň beýleki etraplarynda hem gurýarlar, munuň özi azyk bolçulygynyň döredilmeginde we daşardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginde möhüm ädimdir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter