Türkmenistanyň Prezidentine ÝHHG-niň Baş sekretaryndan | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine ÝHHG-niň Baş sekretaryndan

опубликованно 19.02.2017 // 909 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji fewralda geçirilen saýlawlarynda Prezident wezipesine gaýtadan saýlanmagyňyz bilen gutlaýaryn, bu saýlawlara Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça edarasynyň bilermenleri gözegçiligi amala aşyrdylar.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Size ÝHHG-niň we Türkmenistanyň arasynda giň hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygy üçin hoşallygymy beýan edýärin, Siziň ýurduňyz köp ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýada möhüm hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar.

Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň mundan beýläk hem demokratik dolandyryşy, howpsuzlygy hem-de ykdysady abadançylygy pugtalandyrmak boýunça özgertmeleri geçirmegi dowam etjekdigine ynanýaryn.

Sizi ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan ýurduňyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň hemişe doly goldanyljakdygyna ynandyrmaga rugsat ediň.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň Size hormat goýýandygym bardaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Lamberto Zanýer,
ÝHHG-niň Baş sekretary

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter