Türkmenisatnyň Prezidentine Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretaryndan | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenisatnyň Prezidentine Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretaryndan

опубликованно 16.02.2017 // 1044 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen saýlawlarda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Saýlawlaryň netijeleri türkmen halkynyň Size bildiren ynamynyň hem-de Siziň syýasatyňyzyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň çärelerini goldamagy biziň guramamyzyň mundan beýläk-de ösmegine ýardam eder.

Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Ilçi Ramil Hasanow,
Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk
geňeşiniň Baş sekretary

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter