Türkmenisatnyň Prezidentine Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň baştutanyndan | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenisatnyň Prezidentine Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň baştutanyndan

опубликованно 16.02.2017 // 931 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşiňiz bilen Sizi gutlaýaryn.

Türkmenistanlylar durnukly ösüşiň we ýagty geljegiň bähbidine Size ýene-de öz seslerini berdiler we Size uly ynam bildirdiler hem-de şeýle ajaýyp ýurda baştutanlyk etmek hukugyny berdiler. Siz ýadawsyz zähmet çekip, döwletiň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlaryny ösdürmek boýunça täze strategiki taslamalary durmuşa geçirýärsiňiz, raýatlaryňyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýarsyňyz we milli bähbitleri goraýarsyňyz.

Siziň bilimiňiziň, tejribäňiziň hem-de parasatlylygyňyzyň Türkmenistany mundan beýläk-de ajaýyp we gülläp ösýän geljege alyp gitmäge ýardam etjekdigine, Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde uzak wagtlap hem-de netijeli işlejekdigiňize ynanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Gagauz Awtonomiýasyna hemmetaraplaýyn goldaw berýändigiňiz hem-de bu ýerde, Çeşmikioý obasynda 160 orunlyk döwrebap çagalar bagynyň gurluşygy üçin Size hoşallyk bildirýäris. Bu çagalar bagy körpeler hem-de olaryň ene-atalary üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr.

Öz tarapymyzdan biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de täze durmuş we ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine umyt edýäris.

Çuňňur hormatlamak we iň gowy arzuwlar bilen,

Irina Wlah,
Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň baştutany

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter