Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryndan | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryndan

опубликованно 16.02.2017 // 883 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ilki bilen, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de Siziň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Siziň bu ýokary wezipä nobatdaky gezek saýlanmagyňyz Size Türkmenistanyň halkynyň uly sarpa goýýandygyny tassyklaýar.

Siziň ajaýyp liderlik häsiýetleriňiziň mundan beýläk-de syýasy durnuklylygyň üpjün edilmegine hem-de Siziň döwletiňiziň ykdysady taýdan ösmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Biziň aramyzda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna ýardam etmegine umyt edýärin.

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, Siziň Watanyňyzyň abadançylygynyň bähbidine egsilmez güýç-gaýrat hem-de täze üstünlikler arzuw edýärin!

Aleksandr Žilkin,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter