Türkmenistanyň Prezidentine Arap Döwletleriniň Ligasynyň Baş sekretaryndan | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Arap Döwletleriniň Ligasynyň Baş sekretaryndan

опубликованно 16.02.2017 // 863 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine üçünji möhlete saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn we Size parahatçylykly demokratiýalaşdyrmak ýolundaky işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Size bildirilen ynam geçen iki Prezidentlik möhletiniň dowamynda döwletiň gazanan üstünliklerini, türkmen halkynyň Siziň howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga we gazanylan üstünligi mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen ugruňyza eýermek islegini görkezýär.

Biz Siziň ýolbaşçylygyňyzda arap-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýarys.

Siziň häzirki zaman dünýäsinde biziň tutuş adamzat üçin abadançylyga, ýagty, has howpsuz we parahatçylykly geljege hem-de halklaryň arasyndaky özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna bolan umyt-arzuwlarymyzy paýlaşýandygyňyza ynanýaryn.

Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistana mundan beýläk-de ösüş, türkmen halkyna bolsa rowaçlyk hem-de arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Ahmed Abu Al-Geýt,
Arap Döwletleriniň Ligasynyň Baş sekretary

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter