Türkmenistanyň Prezidentine Energetika Hartiýasynyň Baş sekretaryndan | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Energetika Hartiýasynyň Baş sekretaryndan

опубликованно 16.02.2017 // 893 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Sizi 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşiňiz bilen tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediň.

Ses bermegiň netijeleri Siziň ýurtda durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge hem-de halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döredijilikli işiňize raýatlar tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Siziň tutanýerli hem-de öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň Siziň halkyňyzyň asylly maksatlaryny hem-de umyt-arzuwlaryny durmuşa geçirjekdigine, ýurduňyzyň dünýä bileleşiginde eýeleýän mynasyp ornuny berkitjekdigine ynanýaryn.

Energetika Hartiýasynyň Siziň ýurduňyzyň öňünde durýan wezipeleri çözmäge goldaw berjekdigine Sizi ynandyrmaga rugsat ediň. Biziň golaýda Aşgabada bolan saparymyzyň barşynda Siziň bilen ara alyp maslahatlaşyşymyz ýaly, Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi energetika ulgamynda ýurtlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyna goşmaça itergi berer.

Başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanan Konsepsiýa özüne uly wezipeleri birleşdirýär. Bize köp işler garaşýar, ýöne men Energetika Hartiýasyna agza ýurtlaryň ählisiniň işjeň gatnaşmagynda we türkmen kärdeşlerimiz bilen ysnyşykly gatnaşykda zerur bolan netijäni gazanyp biljekdigimize ynanýaryn.

Türkmenistanyň we Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň arasynda indi 25 ýyldan bäri dowam edip gelýän netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edýärin.

Urban Rusnak,
Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter