Döwlet baştutanlary we meşhur syýasy işgärler Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlaglaryny iberdiler | TDH
Syýasat habarlary

Döwlet baştutanlary we meşhur syýasy işgärler Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlaglaryny iberdiler

опубликованно 15.02.2017 // 990 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna daşary ýurtlardan gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär.

Türkmen döwletiniň baştutanyny Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Halifa Bin Zaed Al-Nahaýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri Binali Ýyldyrym, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Artur Rasi -- zade, Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň başlygy Mihail Mýasnikowiç, Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Muhammed Bin Zaed Al Nahaýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Muhammed Bin Raşid Al-Maktum, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany Petko Draganow gutladylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter