Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar | TDH
Syýasat habarlary

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

опубликованно 15.02.2017 // 875 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly döwletiň Baştutany öz kärdeşini Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Prezident Serž Sarkisýan ýurdumyzyň döwlet gurluşynda, durmuş-ykdysady ulgamda we halkara giňişliginde gazanan üstünliklerini belläp, bularyň hemmesiniň türkmen Liderine ählihalk goldawyny we ynamyny üpjün edendigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini belledi.

Ermenistanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň özara hormat ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine yzygiderli üns berýändigine ýokary baha berdi hem-de bilelikdäki tagallalar netijesinde özara gatnaşyklaryň mundan beýläk hem-dе pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn ylalaşyklary amala aşyrmak hem-de dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikler bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň meseleleri barada pikir alyşdylar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň we Ermenistanyň halklarynyň arasyndaky gadymdan gelýän dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerini pugtalandyrmaga ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem taraplar sebit we halkara häsiýetli iki tarap üçin hem gyzyklanma döredýän birnäçe derwaýys meseleler boýunça pikir alyşdylar. Türkmen Lideri Ermenistan Respublikasynyň Baştutanyny ýurdumyza gelmäge çagyrdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Serž Sargsýan hoşniýetli we bähbitli gatnaşyklara esaslanýan türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ýnam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter