Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentinden | TDH
Resminamalar

Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentinden

опубликованно 14.02.2017 // 1024 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi bilen gutlamaga rugsat ediň.

20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistan her ýyl bu güni Bitaraplyk baýramçylygy hökmünde belleýär. Siziň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça eýeleýän ornuňyz parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň Halkara Bitaraplyk gününi yglan etmek hakyndaky başlangyjynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldanylandygyna tüýs ýürekden guwanýaryn. Bu waka türkmen diplomatiýasynyň halkara giňişliginde gazanan uly üstünligi bolup durýar.

Biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine umyt edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Rustam Minnihanow,
Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter