Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen 39 saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda Prezident saýlawlary geçirilýär | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen 39 saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda Prezident saýlawlary geçirilýär

опубликованно 12.02.2017 // 907 - просмотров
 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde TDH-a habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda raýatlarymyzyň ýokary işjeňlik görkezendigi bellenilýär.

Saýlaw uçastoklary 12-nji fewralda dünýäniň her bir sebitiniň ýerli wagtyna laýyklykda ir bilen açyldy. Saýlawlaryň guramaçylary saýlaw wagtynda daşary ýurtlarda bolýan ýurdumyzyň raýatlarynyň özleriniň konstitusion hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin ähli zerur şertleri döretdiler.

Synçylar ses bermegiň saýlaw uçastoklarynyň açylan ilkinji pursatlaryndan başlap işjeň häsiýete eýe bolandygyny, raýatlarymyzyň—daşary ýurtlarda ýaşaýan, işleýän hem-de okaýan ildeşlerimiziň raýatlyk jogapkärçiligini we olaryň ýokary düşünjeliligini belleýärler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter